Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň zarbasynda “Hakkani” toparynyň lideri öldürildi


Owgansytanyň gündogarynda NATO-nyň amala aşyran hüjüminde “Hakkani” söweşijiler toparynyň lideri öldürildi. Bu barada NATO habar berýär.

Ýaranlyk Şer Muhammet Hakiminiň ýekşenbe güni Logar welaýatynda öldürlendigini aýdýar.

Logar welaýatynyň polisiýa başlygy Raeis Khan Rahimzaýiniň sözlerine görä, Hakimi özüniň egindeşleri bilen agajyň kölegesinde oturan wagty, oňa garşy howa hüjümi amala aşyrylypdyr. Hüjümde başga-da dört adam ýaralandy.

Polisiýa başlygynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Hakimi köçe ýaka bombalaryny ýerleşdirmek we söweşijileri türgenleşdirmek bilen meşgul bolupdyr.

Düýbi Pakistanda ýerleşýän “Hakkani” topary “Talyban” hereketi we “Al-Kaýda” bilen ysnyşykda işläp, Kabulda we onuň töwereginde hüjümleri amala aşyrmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG