Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda sekiz adam terrorizm aýyplamalary boýunça günäli tapyldy


Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäherinde sud sekiz adamy terroristik toparyny döretmekde günäli tapyp, olary türme tussaglygyna höküm etdi.

Suduň duşenbe güni çykaran hökümine laýyklykda, şol adamlara 6 ýyldan 9 ýyl aralygynda türme tussaglygy berildi. Olar “terroristik propogandany ýaýradyp, ýurduň konstitusion binýadyny ýykmak synanşygynda” günäli tapyldylar.

Mundan öň, ýurduň günbatar sebitlerinde ençeme hüjümler amala aşyrlypdy, olara dini ekstremistleriň hem gatnaşandygy aýdylýar.

Geçen ýylyň maýynda Aktobe şäherinde Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek janyndan geçen özüni partladyp, hüjümi amala aşyrypdy. Derňewçiler hüjümçiniň ekstremistiki yslam toparlarynyň agzasy bolandygyny öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG