Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da sikhlaryň ybadathasynda ot açylanda alty adam öldi


ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda bir ýaragly hüjümçi sikhlaryň ybadathanasynda ot açyp, alty adamy öldürdi. Hüjümçi polisiýa bilen ot atyşlykda öldürildi.

Hüjüm ýekşenbe güni Oak Grik şäherindäki sikhlaryň ybadathanasynda onlarça adam ýygnanda amala aşyryldy.

Resmileriň sözlerine görä, hüjümçi bir polisiýa işgärine hem ençeme gezek ot açypdyr. Şol polisiýa işgäri, başga-da iki adam häzir agyr ýagdaýda bolmagyna galýar.

Hüjümçiniň şahsyýeti barada häzirlikçe hiç bir maglumat berilmedi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu bolan waka “çuňňur gynananýandygyny” aýtdy. Mundan iki hepde töweregi wagt ozal, ABŞ-nyň Koloroda ştatynda hem ýaragly hüjümçi kinoteatrlaryň birinde ot açyp, 12 adamy öldüripdi.
XS
SM
MD
LG