Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň prezidenti Sinaýy gözegçilik astyna almagy wada berdi


Müsüriň harby ulagy Rafah geçelgesiniň golaýynda dur. 2012-nji ýylyň 6-njy awgusty.

Müsüriň harby ulagy Rafah geçelgesiniň golaýynda dur. 2012-nji ýylyň 6-njy awgusty.

Müsüriň prezidenti Muhammad Mursi Sinaý ýarym adasynda Müsür bilen Ysraýylyň serhedinde ýerleşýän barlag nokatlarynyň birine edilen hüjümden soň, bu ýerde doly gözegçiligi dikeltmegi wada berdi. Näbelli adamlaryň 5-njy awgustda amala aşyran hüjümi netijesinde bu ýerde 16 serhetçi öldürildi.

Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak bu hüjümiň Kaire “oýan” diýen signal bolmalydygyny aýtdy: “Meniň pikirimçe, has agyr hüjümi etmek howpunyň öňi alyndy. Bu serhet ýakada ýüze çykan söweş bilen bagly gaty möhüm hem üstünlikli operasiýa boldy. Belki-de, bu müsürlilere öz tarapyndaky ýagdaýa has berk gözegçilik etmelidikleri barada hakyky signal bolmagy ähtimal”.

Ysraýyl tarapynyň beren maglumatyna görä, hüjümçiler müsürli serhetçilerden ele salan ulaglary bilen Ysraýylyň howpsuzlyk diwaryny böwsüp geçipdirler. Ysraýyl harbylarynyň wekili, brigada generaly Ýoaw Mordehaýyň aýtmagyna görä, pitneçileriň özleri ulaglaryň birini partladypdyr.

Pitneçileriň Müsüriň barlag punktyna eden hüjüminde ele salan ikinji ulagyny bolsa Ysraýylyň harby uçary oka tutup, ýok edipdir.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu “harbylaryň aýgytly hereketine” gowy baha berip, “Şin Bet” diýlip atlandyrylýan Ysraýylyň Içerki aňtaw gullugyny “Ysraýylyň asuda ýaşaýjylaryna garşy planlaşdyrylan giň gerimli hüjümiň öňüni alanldygy” üçin, bu gullugyň işini öwdi.

Müsüriň prezidenti Mursi harby hem howpsuzlyk gulluklarynyň resmileri bilen geçirilen adatdan daşary maslahatdan soň ýurduň döwlet telewideniýesinde çykyş edip, bu hüjümi amala aşyranlary tussag etmegi görkezme berendigini aýtdy: “Ýaňy tamamlanan maslahata harby güýçleriň ýolbaşçylary, Içeri işler ministrliginiň hem Baş aňtaw gullugynyň başlyklary gatnaşdylar. Bu maslahatda Sinaýa doly gözegçilik etmek, jenaýaty amala aşyranlary tapyp, olary jogapkärçilige çekmek boýunça anyk görkezmeler barada ylalaşdyk”.

Bu waka bilen bagly Müsüriň howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli wekiliniň jenaýatçylaryň Gaza zolagyndan gelen “jihadçylar” toparyna degişli bolandygy barada aýdandygy habar berilýär.

Müsüriň resmi metbugatynda “Hamas” topary tarapyndan gözegçilik edilýän Gaza zolagy bilen iki aralykdaky Rafah geçelgesiniň “indiki görkezmä çenli” ýapylýandygy aýdyldy.

Bu hüjüm köpçülikleýin protestleriň netijesinde geçen ýylyň iýun aýynda wezipesini terk etmäge mejbur bolan Hosni Mubärekden soň prezidentlik wezipesine saýlanan Muhammad Mursi üçin synag bolar. Şeýle hem bu waka Kairiň “Hamas” topary bilen gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyryp biler.

“Hamas” topary bolsa Mursiniň “Musulman doganlygy” hereketi bilen ýakyn gatnaşykda diýlip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG