Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NASA-nyň “Curiosity” roboty gyzyl planeta şowly gondy


NASA-nyň roboty Mars planetasyna gondy. NASA-nyň berýän maglumatyna görä, “Curiosity” roboty ýekşenbe güni, Aşgabat wagty bilen sagat 11-30-larda Mars planetasyna gonandygy barada signal ugradypdyr.

Bu robot indiki iki ýylyň dowamynda planeta aýlanar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama robotyň Marsa gonmagyny “taryhy pursat" diýip atlandyrdy.

Resmi taýdan “Marsyň ylmy laboratoriýasy” diýlip atlandyrylýan “Curiosity” proýektininiň bahasy 2,5 milliard dollara deň boldy.
XS
SM
MD
LG