Sepleriň elýeterliligi

Kabardino-Balkariýada howpsuzyk güýçleri iki söweşijini öldürdi


Kabardino-Balkariýa regionynyň paýtagty Nalçikde howpsuzlyk güýçleri ýörite operasiýa geçirýär. 27-nji mart, 2012 ý.

Kabardino-Balkariýa regionynyň paýtagty Nalçikde howpsuzlyk güýçleri ýörite operasiýa geçirýär. 27-nji mart, 2012 ý.

Demirgazyk Kawkazyň Kabardino-Balkariýa regionynyň paýtagty Nalçikde iki ýaragly söweşiji öldürildi.

Derňew komitetiniň resmileriniň sişenbe güni beren maglumatyna görä, çaknyşykdan iki söweşiji gaçmagy başarypdyr.

Duşenbe güni Khasanýa obasynyň golaýynda söweşijidigi öýdülýän toparyň üsti açylanda, howpsuzlyk güýçleri ýörite operasiýany geçirdiler. Çaknyşykda howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan hiç kime şikes ýetmedi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşetiýada we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl ýüzlerçe adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG