Sepleriň elýeterliligi

Madonna “Pussy Riot” toparynyň işi boýunça geçirimlilige çagyrdy


ABŞ-ly estrada ýyldyzy Madonna. 6-njy awgust, 2012 ý.

ABŞ-ly estrada ýyldyzy Madonna. 6-njy awgust, 2012 ý.

Estrada ýyldyzy Madonna Orsýetiň resmilerine ýüzlenip, aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasynyň türme tussaglygyna höküm edilmezligine çagyryş etdi.

Madonna özüniň “senzura garşydygyny” belläp, “Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň azatlyga goýberiljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

24 ýaşly Mariýa Alýohina, 22 ýaşly Nadežda Tolokonnikowa we 29 ýaşly Ýekaterina Samusewiça huligançylykda aýyplama bildirilýär. Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.

Eger-de olaryň günäsi subut edilse, onda olara 7 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
XS
SM
MD
LG