Sepleriň elýeterliligi

Ukrain prezidentiniň ozalky başpenasynyň ekstradisiýa edilmek işine serediler


Ukrainanyň prezidentiniň gorag gullugynyň ozalky başlygy Mykola Melnyçenko. 23-nji mart, 2011 ý.

Ukrainanyň prezidentiniň gorag gullugynyň ozalky başlygy Mykola Melnyçenko. 23-nji mart, 2011 ý.

Italiýanyň sudy Ukrainanyň prezidentiniň gorag gullugynyň ozalky başlygynyň Kiýewa ekstradisiýa edilip-edilmezligi baradaky hökümi on günüň içinde çykarar.

Mykola Melnyçenko Interpoluň çykaran karary esasynda, 3-nji awgustda ABŞ-dan Neapala baranda tussag edilipdi. Melnyçenko mundan ençeme ýyl ozal ABŞ-dan başpena alypdy.

1998-2000-nji ýyllar aralygynda Melnyçenkonyň şol wagtky prezident Leonid Kuçmanyň edarasyndaky gepleşikleri ogryndan ýazga geçirendigi aýdylýar. Melnyçenko şol ýazgylary 2000-nji ýylda halk köpçüligine ýetirdi. Bu hem öz gezeginde Kiýewiň içerki we daşarky syýasatyna uly täsir ýetiripdi.
XS
SM
MD
LG