Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri Türkiýede Siriýa boýunça gepleşik geçirýär


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi. 9-njy iýul, 2012 ý.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi. 9-njy iýul, 2012 ý.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Türkiýä sapar edýär. Bu saparyň dowamynda Siriýadaky konfliktiň we ol ýerde onlarça eýranlynyň ogurlamagy ýaly meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar.

Eýranyň ilçihanasynyň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni Salehi Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bilen gepleşikleri geçirer.

Siriýada prezident Başar al-Assada garşy söweşýän gozgalaňçylar şenbe güni Damaskyň eteginde 48 eýranlyny ogurlapdy.

Eýranyň resmileri şol ogurlanan adamlaryň mukaddes ýerlere ybadat etmek üçin baran zyýaratçylaryň bolandygyny aýdýarlar. Emma, gozgalaňçylar olaryň “aňtaw işlerini geçirmek” üçin gelen Rewolýusiýa sakçylarynyň agzalarydygyny öňe sürýärler.

Salehi özüniň türkiýeli we katarly kärdeşlerinden ogurlanan eýranlylary azat etmek üçin hemaýat sorady.

Eýran Siriýanyň iň ýakyn ýaranlarynyň biri, Türkiýe bolsa Damaskyň iň ýiti tankytçylarynyň biri bolup dur.
XS
SM
MD
LG