Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bürünç medala eýe bolan täjik boksçusy bilen söhbet


Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda täjigistanly boksçy, 19 ýaşly Mowzuna Çaryýewa bürünç medala eýe boldy, 6-njy awgust.
Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda täjigistanly boksçy, 19 ýaşly Mowzuna Çaryýewa bürünç medala eýe boldy, 6-njy awgust.
Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda täjigistanly boksçy, 19 ýaşly Mowzuna Çaryýewa bürünç medala eýe boldy. 6-nji awgustda geçirilen ýaryşdan soň, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde öz duýgularyny beýan etdi.

Azatlyk Radiosy: Bu ýaryşyň siziň üçin ýeňilmi ýa-da kyn bolandygy barada aýdyp beräýseňiz?

Mowzuna: Olimpiýadalara gatnaşmaga gelen sportsmenleriň hemmesi iň gowularydyr. Emma men bir zada ynanýaryn, bu sözi men çynym bilen aýdýaryn, 8 million halkymyz meni goldaýardy we doga edýärdi. Men hem öz gezegimde täjik zenanlaryny dünýä tanatmalydym we munuň üçin elimden gelenini etdim. Hawa bäsleşik kyndy hem-de gaty kyndy, sebäbi onuň boýy 180 santimetrdi, meniňki bolsa 159, meniň ellerim oňa kynlyk bilen ýetýärdi. Ýöne men elimden geleniniň iň gowusyny etmäge synanyşdym, ol hem maňa garşylyk görkezip, ýagny hüjüm eder ýaly gaty hüşgärlik bilen, oňa azar bermäge synanyşdym. Ýöne bu zatlaryň hemmesi Hudaýyň elinde, men zähmet etdim, Allatagalladanam bereketini aldym.

Azatlyk Radiosy: Bäsleşik tamamlanandan soň siz oturdyňyz we gözleriňizi ýumduňyz, häzir Facebook sosial ulgamynda adamla, şol pursatda siziň ýüregiňizden nämeleriň geçendigini soraýarlar, siz bu barada näme aýdyp biljek?

Mowzuna: Ol pursat men näme arzuwym bolsa, oňa meni ýetireni üçin, Hudaýa şükür etdim. Men näme islän bolsam, Allatagalla hemmesini maňa berdi. Men Olimpiýadalara gatnaşmagy arzuw edýärdim we men geldim. Şeýle hem ýanym bilen watanyma medalymam sowgat alyp gitmegi arzuw etdim. Men şol wagt Hudaýa şükür etdim."

Azatlyk Radiosy: Mundan beýläk geçiriljek ýaryşlarda üstünlik gazanmak mümkinçiligiňiz barada näme aýdyp biljek?

Mowzuna: Enşalla, men gaty synanyşaryn, bu bäsleşikden geçenimden soň meniň özümde hem ynam döredi, ýöne bu barada men öňünden hiç zat aýdyp bilmerin, emma men bütin güýjüm, gaýratym bilen synanyşaryn.

Azatlyk Radiosy: Mowzona siziň geljekki bäsleşigiňize iki gün bar. Siz oňa nähili taýýarlyk görýäňiz?

Mowzuna: Biz bäsleşik tamamlanandan soň, öz bolýan jaýymyza gidýäris we ýaryşyň wideoýazgylaryna tomaşa edýäris we türgenleriň gowşak ýerine göz ýetirip, olaryň şol ýerine hüjüm etmäge taýýarlyk görýäris.

Azatlyk Radiosy: Şu purstda sizi goldap, doga edip oturan Täjigistandaky ejeňize we hemme ýakynlaryňyza aýtmak isleýän zadyňyz barmy?

Mowzuna: Men Täjigistanyň hemme halkyny gowy görýärin. Men Täjigistan halkynyň gyzy we bu bäsleşikde elimden geleniniň baryny etmäge synanyşjakdygymy aýdasym gelýär. Şeýle hem ejemi gaty gowy görýändigimi aýdasym gelýär. Şu wagt olaryň nähili duygulary başdan geçirýändigini bilemok, ýöne men indiki bäsleşikde olaryň başyny has hem ýokary götermäge synanyşaryn.
XS
SM
MD
LG