Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Pussy Riot" toparynyň agzalary sud edildi


"Pussy Riot" toparynyň agzalary Mariýa Alýohina (sagda), Nadežda Tolokonnikowa (çepde) we Ýekaterina Samusewiça huligançylykda aýyplama bildirilýär. 3-nji awgust, 2012 ý.

"Pussy Riot" toparynyň agzalary Mariýa Alýohina (sagda), Nadežda Tolokonnikowa (çepde) we Ýekaterina Samusewiça huligançylykda aýyplama bildirilýär. 3-nji awgust, 2012 ý.

Orsýetde aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasynyň aklawçylary öz müşderilerini bigünä diýip ykrar etmek barada sudýadan haýyş etdiler. Prokurorlar bolsa, gürrüňi gidýän şol üç aýal maşgala üç ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soradylar.

Aklawçylar "Pussy Riot" toparynyň agzalarynyň hereketlerini jenaýat hökmünde häsiýetlendirip bolmaýandygyny öňe sürdüler.

24 ýaşly Mariýa Alýohina, 22 ýaşly Nadežda Tolokonnikowa we 29 ýaşly Ýekaterina Samusewiça huligançylykda aýyplama bildirilýär. Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.

Şeýle-de sişenbe güni estrada ýyldyzy Madonna Orsýetiň resmilerine ýüzlenip, aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasynyň türme tussaglygyna höküm edilmezligine çagyryş etdi.

Madonna özüniň “senzura garşydygyny” belläp, “Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň azatlyga goýberiljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Madonnadan başga-da ençeme günbatarly tanymal şahsyýetler we aktiwistler tussaglykdaky “Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldap çykyş edipdiler.

Geçen hepde Britan aýdymçylarynyň ençemesi, şol sanda Pete Twonşend we “Pet Shop Boys” atly estrada topary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýüzlenip, tussaglykdaky “Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň adalatly sud edilmegi üçin çagyryş edipdiler.

Putin Londona edýän saparynyň çäklerinde, bu çagyryşylara jogap hökmünde tussaglykdaky aýallaryň “gaty agyr” jezalandyrylmaly däldiklerini belledi. Putin “suduň dogry hökümi çykarjakdygyna” umyt edýändigini hem nygtady.
XS
SM
MD
LG