Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ogurlanan eýranlylaryň arasynda pensiýa çykan harbylar hem bar


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi (çepde) özüniň türkiýeli kärdeşi Ahmet Dawutoglu bilen. Ankara. 7-nji awgust, 2012 ý.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi (çepde) özüniň türkiýeli kärdeşi Ahmet Dawutoglu bilen. Ankara. 7-nji awgust, 2012 ý.
Geçen şenbe güni Damaskyň eteginde ogurlanan 48 eýranlynyň arasynda pensiýa çykan Rewolýusiýa sakçylarynyň we harbylaryň wekilleri hem bar eken. Bu barada Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi aýtdy.

Emma Salehiniň nygtamagyna görä, olar Siriýa diňe mukaddes ýerlere zyýarat etmek üçin barypdyrlar. Eýranyň daşary işler ministriniň bu sözleri ýurduň resmi “ISNA” habar agentliginde ýerleşdirildi.

Salehi sişenbe güni Türkiýä sapar edip, ogurlanan eýranlylary azat etmek üçin hemaýat sorapdy.

Bu aralykda, prezident Başar al-Assada garşy söweşýän Siriýanyň gozgalaňçylary Aleppo şäherindäki möhüm nokatlardan çekilmäge mejbur galandyklaryny aýdýarlar. Siriýanyň hökümeti şäheriň Salaheddine etrabyny kontrollyga alandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG