Sepleriň elýeterliligi

Belarus Şwesiýadaky ilçihanasynyň ähli işgärlerini yzyna çagyrdy


Belarusyň Çehiýadaky ilçihanasynyň öňünde ýerleşdirilen oýunjak aýylar. Praga. 4-nji awgust, 2012 ý.

Belarusyň Çehiýadaky ilçihanasynyň öňünde ýerleşdirilen oýunjak aýylar. Praga. 4-nji awgust, 2012 ý.

Çarşenbe güni Belarus özüniň Şwesiýadaky ilçihanasynyň ähli işgärlerini yzyna çagyrdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrligi maglumat berdi.

Ministrlik Stokgolme hem özüniň Minskidäki diplomatlaryny ýurtdan çykarmagy maslahat berdi.

Iki ýurduň özara gatnaşyklary Belarusa uçardan oýunjak aýylarynyň zyňylmagy bilen ýitileşipdi. 4-nji iýulda Şwesiýanyň jemgyýetçilik gatnaşyklary kärhanasyna degişli uçardan Minske demokratik çagyryşly ýüzlerçe oýunjak aýy zyňylypdy.

Munuň netijesinde, geçen hepde Minsk Şwesiýanyň ilçisini ýurtdan çykardy. Munuň yzy bilen, Belarusyň Stokgolmdaky ilçisi hem ýurtdan çykaryldy.

Bu iş boýunça iki belarusla – blogger Anton Surapine we telekeçi Sergeý Başarymaua hem aýyplama bildirildi.
XS
SM
MD
LG