Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda janyndan geçen iki söweşiji hüjümi amala aşyrdy


Owganystanyň Kunar welaýatynyň Manugaý şäheri. 26-njy iýun, 2012 ý.

Owganystanyň Kunar welaýatynyň Manugaý şäheri. 26-njy iýun, 2012 ý.

Çarşenbe güni Owganystanyň gündogarynda ýerli geňeşiň mejlisiniň dowamynda janyndan geçen iki söweşiji hüjümi amala aşyrdy. Resmileriň berýän maglumatyna görä, hüjümde parahat ilatyň arasyndan bir adam ölüpdir, başga-da ençemesi ýaralanypdyr.

Kunar welaýatynyň metbugat wekili Wasifullah Wasifynyň sözlerine laýyklykda, iki hüjümçi binanyň daşynda özüni partladypdyr.

Wasify hüjümde binadaky hökümet wekillerine şikesiň ýetip-ýetmändigi barada häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny aýdýar.

Kunar welaýatynyň saglygy-saklaýyş ýolbaşçysy Asadullah Fazeli hüjümde azyndan bir adamyň ölendigini we üçüsiniň hem ýaralanandygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG