Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda Ýokary sud premýer-ministri düşündiriş bermäge çagyrdy


Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf. 22-nji iýun, 2012 ý.
Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf. 22-nji iýun, 2012 ý.
Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň prezidenti bilen bagly korrupsiýa işi boýunça henize çenli hem anyk çäreleri görmändigi üçin, premýer-ministr Raja Perwez Aşrafy düşündiriş bermäge suda çagyrdy.

Mundan iki aý töweregi wagt ozal, Ýokary sud ýurduň ozalky premýer-ministri Ýusuf Raza Gilanini bu mesele boýunça suduň hökümini äsgermezçilik etmekde günäli tapyp, wezipesinden çetleşdiripdi.

Ýokary sud premýer-ministriň Şweýsariýanyň resmilerine hat ýazyp, prezident Asif Ali Zardariniň öňki korrupsiýa işiniň açylmagy üçin haýyş etmegini gazanjak bolýar.

Hökümet resmileri Zardariniň döwlet baştutany hökmünde el degirmesizlik hakynyň bardygyny öňe sürüp, suduň bu talabyny yza çekip gelýär.

Çarşenbe güni Ýokary sud premýer-ministriň 27-nji awgustda suda gelmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG