Sepleriň elýeterliligi

Türkmen pälwany: ‘Meniň bilen gyzyklanan adam bolmady’


Muhammetmyrat Hallyýew (ortada) häzir Orsýetde rus komandalaryny türgenleşdirýär.

Muhammetmyrat Hallyýew (ortada) häzir Orsýetde rus komandalaryny türgenleşdirýär.

Türkmenistan Londonda geçirilýän Olimpiýa ýaryşlaryna 10 sportsmeni bilen gatnaşdy, olardan medal alan bolmady. Diňe Londonda däl, umuman aýdylanda, soňky ýyllaryň dowamynda halkara ýaryşlardan ýurda dereje bilen dolanan türkmenistanly sportsmenleriň sany az hasaplanýar.

Emma bu mydama beýle bolmandyr. Sowet döwründe regionda, hatda dünýäde at gazanan türkmen sportsmenlerem bolupdyr. Olardan biri hem sambo boýunça halkara ýaryşlarda altyn medal gazanan Muhammetmyrat Hallyýewdir.

Hallyýew häzir Orsýetde rus komandalaryny türgenleşdirýär. Azatlyk Radiosy onuň bilen Türkmenistanda sportuň ýagdaýy, Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportsmenleriniň häzire çenli eden çykyşlary ýaly dürli meseleler barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Postsowet giňişligindäki käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan sportsmenlerine 1 million dollara çenli sylag beriljekdigini ýglan etdi, emma Türkmenistan onuň yaly beýanat bilen çykyş etmedi. Siz bu ýagdaýa nähili garaýarsyňyz?

Sambo boýunça halkara ýaryşlarda altyn medal gazanan Muhammetmyrat Hallyýew.

Sambo boýunça halkara ýaryşlarda altyn medal gazanan Muhammetmyrat Hallyýew.

Muhammetmyrat Hallyýew: Meniň pikirimçe, öz sportsmenleri medal gazanan ýagdaýynda türkmen hökümeti ondanam köp pul baýrak berer. Türkmenistan baý ýurd-a. Meniň pikirimçe, türkmen sportsmenleriniň arasynda biri gowy çykyş etmeli, sebäbi ol Annamyradowyň okuwçysy, menem onuň jänköýeri. Ýöne ol sportsmen ýadaw görünýär. Men Türkmenistana üç ýyl mundan ozal barypdym, şol wagtlar Türkmenistandaky sport bu derejede däldi, emma häzir gowy taýýarlanýarlar. Ökde oglanlary bar Türkmenistanyň.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda sport desgalarynyň kemçiligi yok ýaly, Olimpiýa şäherçesi, täze stadionlar guruldy, dürli yaryşlar geçirilýär, eýsem sporty hasam ösdürmek üçin başga näme edip bolar?

Muhammetmyrat Hallyýew: Hawa, üç ýyl mundan ozal Türkmenistanda bolanymda sport desgalaryna baryp görüpdim, gowy edip gurupdyrlar. Her mekdebiň hem öz basseýni bar ekeni. Emma şonda-da köp işlemeli, tügenleşmeli. Işini bilýän sportsmenleri ýurda çagyrmaly. Men türkmenistanly sportsmenleriň käbirlerini tanaýaryn, häzir olar Rostow şäherinde, Tatarystanda işleýärler. Spesialistleri çagyrmaly. Meniň pikirimçe, häzirki döwürde Türkmenistanda ýaşaýan Çary Annamyradow sporty täze derejä ýetirip biler, sebäbi ol spesialist. Men ony örän sylaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda sportuň haýsy görnüşlerine has köpräk üns berilmeli?

Muhammetmyrat Hallyýew: Meniň pikirimçe, Türkmenistanda sportuň at çapyşyk, tigir sürmek, göreş we suwda ýüzmek görnüşlerine köpräk üns berilmeli. Bir wagtlar türkmenleriň gowy boksçulary we tigir sürýän komandalary bardy. Ýurduň howasy sportuň şu görnüşleri bilen meşgullanmaga gaty amatly.

Azatlyk Radiosy: Buz üstündäki hokkeý, maşyn ýaryşlary ýaly bäsdeşliklerem gurnalýar, bu baradaky tagallalara siz nähili baha bermekçi? Türkmenleriň bu oýunlarda dereje gazanjagyny aýtmaga esas barmy?

Muhammetmyrat Hallyýew: Men maşyn ýaryşlary bilen gyzyklanmamsoň, o barada hiç zat aýdyp biljek däl. Emma at çapyşyklarynda üstünlik gazanyp bolar. Hokkeý barada aýdylanda, buzuň üstünde oýnalýan däl-de, otuň üstünde oýnalýan hokkeý, belki, gowrak bolar. Buzuň üstündäki hokkeý däl.

Hallyýew (ortada) häzir Orsýetde rus komandalaryny türgenleşdirýär.

Hallyýew (ortada) häzir Orsýetde rus komandalaryny türgenleşdirýär.

Azatlyk Radiosy: Ýurtda futbolyň gelejegine nähili garaýarsynyz?

Muhammetmyrat Hallyýew: Türkmenistanda futbolyň gelejegi bar. Sebäbi türkmenler futbol oýnamagy gowy görýärler, gowy komandalary we trenerleri hem bar. Her howluda diýen ýaly futbol oýnalýar. Özümizem ýaşlygymyzda futbol oýnaýardyk.

Azatlyk Radiosy: Siziň Türkmenistany terk edip, Orsýete gelmegiňize näme sebäp boldy?

Muhammetmyrat Hallyýew: Men 18 ýaşymda harby gulluga, Gazagystana gaýtdym. Men Türkmenistany hiç haçan terk etmändim. Ol ýerde sport rotada on ýyl, soňra Gyrgyzystanda on ýyl, ondan soňra Germaniýada bäş ýyl gulluk etdim. 1994-nji ýylda Türkmenistana bardym, emma Sport komitetinde maňa iş berilmedi, meniňem Sport komitetindäki gullugym tamamlanyp, pensiýa çykmaly wagtym gelenden soň başga iş gerekdi, şonuň üçin Germaniýadan soň Wolgograd şäherine gaýtmaly bolupdym.

Azatlyk Radiosy: Yzyňyza, ýagny Türkmenistana dolanmak arzuwyňyz barmy?

Muhammetmyrat Hallyýew: Elbetde, meni çagyrsalar, men gaýdyp barardym. Ol meniň dogduk mekanym ahyry.

Azatlyk Radiosy: Ogullaryňyza hem öz hünäriňizi öwredipsiňiz. Olaryň Türkmenistan üçin çykyş etmegini arzuw edýärsiňizmi?

Muhammetmyrat Hallyýew: Men ony hemişe arzuw edýän. 30 ýylyň dowamynda meniň bilen gyzyklanan adam bolmady. Bütindünýä türkmenleriniň ýygnaklary geçirilende, meni mydama ýatdan çykarýarlar. Men Türkmenistanyň we Spartakiadanyň ilkinji çempiony bolupdym.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG