Sepleriň elýeterliligi

Türkmen pälwany halkara ýaryşynda bürünç medaly aldy


Erkin göreş boýunça Tähranda geçirilen halkara ýaryşy. 12-nji mart 2012 ý.

Erkin göreş boýunça Tähranda geçirilen halkara ýaryşy. 12-nji mart 2012 ý.

Orsýetiň Ýakutiýa regionynda “Aziýanyň ýaşlary” ady bilen geçirilen halkara ýaryşynda, türkmen pälwany erkin göreş boýunça bürünç medaly almagy başardy.

Döwlet Orazgylyjow 58 kg. agrama çenli sportsmenleriň arasynda çykyş etdi. Orazgylyjow ýaryşyň dowamynda jemi dört duşuşygy geçirdi. Ol ilki bilen orsýetli, soňra hem koreý sportsmenlerinden üstün çykmagy başardy.

Ýarym finalda türkmen atleti Mongoliýanyň göreşijisinden ýeňlip, üçünji orun üçin duşuşykda hem eýranly päwlany ýeňmegi başardy.

Resmi maglumata görä “Aziýanyň ýaşlary” halkara ýaryşy her dört ýyldan geçirilip, şu ýyl oňa sportuň 20 töweregi görnüşi boýunça, 3 müňe golaý sportsmen gatnaşypdyr.

Häzir Döwlet Orazgylyjow erkin göreş boýunça Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek, ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär diýip, türkmen mediasy habar berýär.
XS
SM
MD
LG