Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň armiýasy Sinaýy sebitine hüjümleri amala aşyrdy


Müsüriň harbylary Sinaýy sebitinde geçiriljek operasiýanyň öňüsyrasynda hatara düzülip durlar. 8-nji awgust, 2012 ý.

Müsüriň harbylary Sinaýy sebitinde geçiriljek operasiýanyň öňüsyrasynda hatara düzülip durlar. 8-nji awgust, 2012 ý.

Müsürde harby wertolýotlar Sinaýy sebitinde yslamçy söweşijileridigi öýdülýän ýaragly adamlara garşy hüjümleri amala aşyrdy. Mundan öň, bu sebitde ýaragly adamlar tarapyndan üç barlag gözegçilik nokadyna hüjüm edilipdi.

Wertolýotlaryň ok atmagyndan birnäçe sagat oň, söweşijiler Sinaýy sebitiniň esasy şäherleriniň biri Al-Arişe hüjüm edipdiler. Resmileriň berýän maglumatyna görä, bu wakada bir harby ofiser, iki esger, iki polisiýa işgäri we parahat ilatyň arasyndan bir adam ýaralanypdyr.

Wertolýotlaryň amala aşyran howa hüjüminde 20 adam öldi diýip, Müsüriň döwlet telewideniýesi maglumat berýär.

Ýekşenbe güni söweşijileriň barlag gözegçilik nokadyna eden hüjüminde 16 müsürli gümrükçi öldürilipdi.

Müsüriň prezidenti Sinaýy sebitiniň “doly gözegçilige” alynjakdygyna we hüjümçileriň “agyr jezalandyryljakdygyna” söz berdi.
XS
SM
MD
LG