Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ogurlananlaryň arasynda Eýranyň "ozalky harbylary" bar


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi. Ankara. 7-nji awgust, 2012 ý.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi. Ankara. 7-nji awgust, 2012 ý.
Geçen şenbe güni Damaskyň eteginde ogurlanan 48 eýranlynyň arasynda pensiýa çykan “Rewolýusiýa sakçylarynyň” we harbylaryň wekilleri hem bar eken. Bu barada Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi aýtdy.

Emma Salehiniň nygtamagyna görä, olar Siriýa diňe mukaddes ýerlere zyýarat etmek üçin barypdyrlar. Eýranyň daşary işler ministriniň bu sözleri ýurduň resmi “ISNA” habar agentliginde ýerleşdirildi.

Salehi sişenbe güni Türkiýä sapar edip, ogurlanan eýranlylary azat etmek üçin hemaýat sorapdy.

Bu aralykda, prezident Başar al-Assada garşy söweşýän Siriýanyň gozgalaňçylary Aleppo şäherindäki möhüm nokatlardan çekilmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar. Siriýanyň hökümeti şäheriň Salaheddin etrabyny kontrollyga alandygyny habar berýär.

Gözegçileriň berýän maglumatyna görä, Aleppo şäheriniň gabawynda 12 adam ölüpdir.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Amensty International” guramasy Aleppo şäheriniň töweregindäki parahat ýaşaýjylaryň ykbalyna aladalanma bildirdi.

Rus generaly baradaky habarlar

Bu aralykda Siriýadaky özüni “Bürgütleriň ýörite operasiýa batalýony” diýip atlandyrýan topar Damaskyň eteginde Wladimir Kužeýew atly orsýetli generaly öldürendiklerini öňe sürdüler. Bu topar geçen aý prezident Başar al-Assadyň dört ýokary derejeli harby resmisine amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini hem öz üstüne alypdy.

“Bürgütleriň ýörite operasiýa batalýony” topary wideoýazgy ýaýradyp, onda özüni gozgalaňçylaryň başlygy diýip tanadan biri (Majid al-Saýed Ahmad) orsýetli “ýylany” öldürendiklerini aýdýar.

Wideoýazgyda Siriýanyň harbylary tarapyndan berlen Orsýetiň raýatyna degişli resminamalaryň nusgalary hem görkezilýär.

Emma Orsýetiň Goranmak ministrligi bu maglumatlary inkär edip, gürrüňi edilýän adamyň çarşenbe güni ministrlikde bolandygyny belledi.

“Itar-Tass” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Wladimir Kužeýew atly harby ofiser Goranmak ministrliginde žurnalistler bilen duşuşyp, ol özüniň janynyň sagdygyny aýdypdyr. Emma ofiser Siriýada bolup-bolmandygy barada hiç hili maglumat bermedi diýip, “Itar-Tass” agentliginiň habarynda bellenilýär.

Siriýada Orsýetiň ençeme ýüz adamdan ybarat harby personalynyň bardygy çak edilýär. Siriýada 17 aý wagt mundan ozal başlanan gazaply çaknyşyklardan soň, Orsýet Assadyň režimini diplomatiki taýdan goldamagy dowam etdirýän az sanly döwletleriň biridir.
XS
SM
MD
LG