Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda oppozisiýa žurnalistine hüjüm edildi


Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäherinde näbelli hüjümçiler žurnalist Lukpan Ahmedýarowy pyçakladylar we pnewmatiki ýaragdan atdylar. 19-njy aprel, 2012 ý.
Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäherinde näbelli hüjümçiler žurnalist Lukpan Ahmedýarowy pyçakladylar we pnewmatiki ýaragdan atdylar. 19-njy aprel, 2012 ý.
Astanada oppozisiýadaky gazak žurnalistine näbelli adamlar hüjüm edip, ony ýenjipdirler. Bu barada Gazagystanyň garaşsyz “Adyl söz” topary habar berýär.

Toparyň maglumatyna görä, Ularbek Baýtaýilaka çarşenbe güni, onuň öýüniň golaýynda hüjüm edilipdir. Hüjümiň netijesinde Baýtaýilaka şikesler ýetip, ol häzir keselhanalaryň birinde bejergi alýar.

Baýtaýilaka oppozisiýadaky “Dat” neşirinde, “Çetwýortaýa wlast” gazetinde we “Altyn Tamyr” žunalynda makalalar bilen çykyş edýärdi.

Astananyň polisiýa bölüminden bu waka boýunça häzirlikçe hiç hili maglumat almak başartmady.

Gazagystanda oppozisiýadaky aktiwistlere we žurnalistlere köplenç näbelli adamlar tarapyndan hüjümler amala aşyrylýar.

Dört aý mundan ozal, Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäherinde näbelli hüjümçiler žurnalist Lukpan Ahmedýarowy pyçakladylar we pnewmatiki ýaragdan atdylar.
XS
SM
MD
LG