Sepleriň elýeterliligi

Tatarystanda “katakomba” sektasynyň agzalaryna aýyplama bildirildi


Tatarystanda yslamçy “katakomba” sektasynyň azyndan dört wekiline, çagalara zulum etmek boýunça aýyplama bildirildi. Gürrüňi gidýän sektanyň wekilleriniň on ýylyň dowamynda çagalary ýerzeminde saklandyklary aýdylýar.

Sektanyň lideri, 83 ýaşly Faýizrahman Sattarowa “eden etdilikde” aýyplama bildirildi.

Resmiler ýerzeminde saklanylýan 70 töweregi adamyň üstüni açdylar. Olaryň arasynda 27 çaga we 38 uly adam hem bar. Ýerzemin Sattarowyň öýüniň aşagynda gazylypdyr.

Ýerzemindäki çagalaryň käbirleri hat-da şol ýerde dogulyp, olar hiç haçan günüň ýagtylygyny-da görmändirler. Çagalaryň iň kiçisi 18 aýlyk, iň ulusy bolsa 17 ýaşyndaky göwreli bir gyz.
XS
SM
MD
LG