Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi häkimiýeti Milli assambleýa geçirdi

Liwiýada häkimiýetiň Milli assambleýa geçirilmeginden soň, Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Abdel Jalil (sagda), uruş döwrüniň premýer-ministri Mahmud Jibril bilen gujaklaşýar. 8-nji awgust, 2012 ý.

Liwiýanyň dolandyryjy geňeşi häkimiýeti täze saýlanan Milli assambleýa geçirdi.

Häkimiýeti geçirmek çäresi çarşenbe güni giçlik amala aşyryldy. Ýüzlerçe adam Tripoliniň Şehitler meýdanaçasynda ýygnanyp, bu dabarany şatlyk bilen garşy aldylar.

Geçen ýyl Muammar Kaddafini häkimiýetden agdaran oppozisiýa güýçleriniň syýasy ganady – Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň düzümi dargadylar.

Iýul aýynda saýlanan 200 orunlyk Milli assamleýa ýurduň premýer-ministrini saýlar, täze kanunlary kabul eder we geljek ýyl ýurduň konstitusiýasynyň täze görnüşi taýýar bolandan soň, parlament saýlawlaryny geçirer.

Bu aralykda, häkimiýet ýaragyny tabşyrmakdan boýun gaçyrýan toparlar bilen hem göreşmegini dowam etdirýär.
XS
SM
MD
LG