Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda söweşijileriň hüjüminde üç polisiýa işgäri öldi


Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada geçirilen ýörite operasiýanyň sebiti. 29-njy dekabr, 2010 ý.

Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada geçirilen ýörite operasiýanyň sebiti. 29-njy dekabr, 2010 ý.

Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda söweşijidigi öýdülýän ýaragly adamlar bilen çaknyşynda üç polisiýa işgäri öldi, biri hem ýaralandy. Bu barada Orsýetiň resmileri habar berýär.

Orsýetiň Derňew komitetiniň resmileriniň berýän maglumatyna görä, söweşijiler polisiýa işgärlerine Çanko obasynda hüjüm edipdirler. Dagystanyň Içeri işler ministrligi bu maglumaty tassyklady.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşetiýada we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG