Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýede kürt söweşijileridigi öýdülýän adamlar harby awtobusa hüjüm etdiler


Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň (PKK) söweşijileriniň Ýeşiltaş şäheriniň barlag gözegçilik nokadyna eden hüjüminde ýaralanan esger. 19-njy iýun, 2012 ý.

Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň (PKK) söweşijileriniň Ýeşiltaş şäheriniň barlag gözegçilik nokadyna eden hüjüminde ýaralanan esger. 19-njy iýun, 2012 ý.

Türkiýäniň günbataryndaky Izmir welaýatynda kürt seperatistleridigi öýdülýän ýaragly adamlar esgerli awtobusa hüjüm etdiler.

Penşenbe güni irden Foja şäheriniň golaýynda dörän bu wakada, ençeme adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

“Dogan” habar merkeziniň berýän maglumatyna görä, Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň (PKK) wekilleri awtobusa ot açmazyndan ozal, köçe ýaka bombany partladypdyrlar.

Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde kürt seperatistleri harby ulaglara ýygy-ýygydan hüjüm edýärler. Bu sebitde PKK-nyň söweşijileri kürt awtonomiýasy ugrunda, 28 ýyla golaý wagt bäri söweşip gelýärler. Emma, ýurduň günbatar sebitlerinde hüjümler seýrek amala aşyrylýardy.

PKK 1984-nji ýylda eline ýarag alyp, göreşip başlady. Şondan bäri, çaknyşyklarda 40 müňe golaý adam öldi.
XS
SM
MD
LG