Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda ozalky täsirli syýasatçynyň aýaly sud edildi


Hytaýda komunist partiýasynyň ozalky ýokary derejeli wekiliniň aýaly Gu Kaila (merkezde) sud edildi. 9-njy awgust, 2012 ý.
Hytaýda komunist partiýasynyň ozalky ýokary derejeli wekiliniň aýaly Gu Kaila (merkezde) sud edildi. 9-njy awgust, 2012 ý.
Hytaýda kommunistik partiýanyň ozalky ýokary derejeli wekili Bo Silainiň aýalynyň üstünden geçirilýän, adam öldürmek bilen bagly sud diňlenişigi tamamlandy. Hökümiň haçan yglan ediljekdigi barada anyk maglumat ýok.

Gu Kaila we onuň ýarany (Žang Siaojun) britan telekeçisi Neýl Heýwudy zäherläp öldürmekde aýyplanýarlar. Heýwud hytaýly Bonuň maşgalasy bilen golaýdan gatnaşýardy.

Sud diňlenişiginden soň, resmiler Gunuň Heýwudy biznes bilen bagly ylalaşmazlyklary sebäpli öldürendigini mälim etdiler. Resmileriň sözlerine görä, Gu üçin döwlet tarapyndan bellenilen aklawçy suduň çykaran hökümini şikaýat etmändir.

Penşenbe güni geçirilen sud diňlenişigine britan diplomatlary goýberildi. Daşary ýurt habar serişdeleriniň wekilleri suduň zalyna salynmady.
XS
SM
MD
LG