Sepleriň elýeterliligi

Başar al-Assad Siriýanyň täze premýer-ministrini belledi


Sirýanyň ozalky saglygy-saklaýyş ministri Wael al-Halki ýurduň premýer-ministri boldy.

Sirýanyň ozalky saglygy-saklaýyş ministri Wael al-Halki ýurduň premýer-ministri boldy.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň täze premýer-ministrini belledi. Ozalky premýer-ministr Riýad Hijab hökümete garşy göreşýän oppozisiýanyň tarapyna geçip, Iordaniýa gaçypdy.

Sirýanyň täze premýer-ministri 48 ýaşly Wael al-Halki boldy. Halki mundan ozal, ýurduň saglygy-saklaýyş ministri bolup işläpdi.

Bu aralykda Eýran çykyş edip, eger-de Siriýada Assadyň häkimiýeti birden üýtgese, munuň “pajygaly” netijeleriniň bolup biljekdigini duýdurdy. Penşenbe güni Tähranda Siriýanyň meselesi boýunça duşuşyk geçirilýär.

Eýranyň mediasy bu duşuşyga 16 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynyň mümkindigini nygtady.
XS
SM
MD
LG