Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda harby egin-eşikli hüjümçi üç amerikan esgerini öldürdi


Owganystanyň Helmend welaýatynda harby egin-eşigini geýen hüjümçi ABŞ-nyň üç esgerini öldürdi.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Howpsuzlyk boýunça kömek goşunynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, hüjümçiniň kimdigi, ýagny onuň owgan esgerimi ýa-da owgan esgeriniň egin-eşigini geýen talyp pitneçisimidigi entek anyklanmandyr.

Hüjümçiniň öldürilendigi, ýa ele salynandygy, ýa-da bolmasa onuň gaçyp gutulandygy hem entek anyk däl.

Owgan resmileri öldürilen esgerleriň ählisiniň Sangin etrabynda geçen gije bolan duşuşyga gatnaşan ýörite güýçleriň wekilleri bolandyklaryny habar berdiler.

NATO-nyň ýaranlyk güýçleri Owganystanyň howpsuzlugyny üpjün etmek meselesini 2014-nji ýylda owgan harbylaryna geçirmäge taýýarlyk görýän häzirki wagty, owgan esgerleriniň ýa-da polisiýa işgärleriniň ýaranlyk güýçleriniň esgerlerine garşy hüjüm etmegi bilen bagly wakalar ýaranlaryň arasyndaky ynama uly zeper ýetirdi.

NATO-nyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri şeýle hüjümleriň 24-si amala aşyrylypdyr.

Bu hüjümlerde 28 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG