Sepleriň elýeterliligi

Kofi Annanyň ornuna alžirli diplomat belleniler diýlip garaşylýar


ABŞ-nyň diplomatlary Alžiriň öňki daşary işler ministri Lakdar Brahiminiň Kofi Annanyň ornuna BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili wezipesine bellenilmegine garaşylýandygyny aýtdylar.

Kofi Annan 31-nji awgusda bu wezipeden çekilýändigini yglan edipdi.

ABŞ-nyň diplomatlary Lakdar Brahimi bu baradaky teklipden ýüz öwürmese, geljekki hepdäniň başynda onuň bellenilmegi barada yglan ediljekdigini aýtdylar.

Brahimi 11-nji sentýabrdaky wakadan soň BMG-niň Owganystandaky ýörite wekili bolupdy.

Şeýle hem ol 2003-nji ýylda Yraga hüjüm edilensoň, bu ýurtda BMG-niň ýörite wekili edilip bellenilipdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady Kofi Annanyň 6 maddadan ybarat bolan planyna gatnaşdyrmak meselesi başa barmansoň, BMG-niň ýokary derejeli wekilleriniň täze belleniljek wekiliň Siriýadaky zorlugy ýatyrmakda oýnajak roly barada pikir alyşýandyklary habar berilýär.

ABŞ-nyň diplomatlary BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kofi Annanyň plany boýunça hereket etmekligi dowam etdirip-etdirmezlik barada hem bir karara gelmelidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG