Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede dikuçar heläkçiliginde 5 adam öldi


Hökümetara Awiasiýa komitetiniň (HAK) spesialistleri hem Orsýetde bu işe gatnaşmak isleýän beýleki guramalaryň hünärmenleri Türkiýedäky ýangyny söndürmek işine gatnaşan KA-32 kysymly dikuçaryň heläkçilige uçramagy bilen bagly derňewe gatnaşarlar.

Bu barada HAK-yň internet sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar.

Nefteýuganskyň Birleşen Awiaotrýadynyň eýeçiliginde bolan bu dikuçar 9-njy awgustda Türkiýede tokaýdaky ýangyny söndürmek işlerine gatnaşanda daga süsňäp urup, ýere gaçypdy.

Bu heläkçilikde 5 adam öldi. Olardan üçüsi rus raýaty.

Heläkçilige goýy tüssäniň sebäp bolandygy çaklanýar.
XS
SM
MD
LG