Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýaly bosgunlaryň sany barha artýar


BMG-niň beren maglumatlaryna görä, söweş dowam edýän Siriýadan gaçyp goňşy dört ýurda geçýän siriýalylaryň sany barha artýar.

Häzir Siriýadan jemi 150 müňe golaý adamyň goňşy ýurtlara bosup çykandygy habar berilýär.

Bu barada 10-njy awgustda Ženewada geçirilen metbugat brifinginde BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň metbugat wekili Adrian Edwars aýtdy.

Ol 50 müň siriýaly bosgunyň Türkiýede hasaba alynandygyny, diňe şu hepdäniň dowamynda Türkiýä 6 müň adamyň bosup çykandygyny belledi.

BMG-niň bosgunlar boýunça edarasynyň wekili häzir Iordaniýada 46 müň bosgunyň, Liwanda 37 müň, Yrakda 13 ýarym müň bosgunyň hasaba alynandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG