Sepleriň elýeterliligi

Eýran sanksiýalara garşy “garşy duruş ykdysadyýetini” gurýar


“Biz ýurduň öz nebit ýataklaryny ýapyp goýup biljek derejesine ýetip biljegimize ynanmaly” diýip, Hameneýi aýtdy.

“Biz ýurduň öz nebit ýataklaryny ýapyp goýup biljek derejesine ýetip biljegimize ynanmaly” diýip, Hameneýi aýtdy.

Eýran resmileri halkara sanksiýalaryna garşy durup biljek kuwwatly çäre bolmaly ykdysady reformany wagyz edýärler. Eýsem bu ýurduň “garşy duruş ykdysadyýetini” işläp düzmegi üstünlik getirermi?

Eýranyň ykdysadyýeti hüjüm astynda, onsoň Tähran özüne garşy daşary ýurtdan alnyp barylýan maliýe “urşuna” garşy durmak üçin täze bir ýarag ýasanýar.

“Garşy duruş ykdysadyýeti” ýurdy özüniň nebit girdejilerine hemme taraplaýyn garaşlylyk endiklerinden saplamaly, munuň üçin maliýe guşagy berk çekilip, senagatdaky netijeliligi ýokarlandyrmaly we tehnologiýa täzelikçiligini ýaýbaňlandyrmak üçin ylmy güýçlendirmeli.

Bu inisiatiwa Eýranyň ýadro programmasy sebäpli girizilen halkara sanksiýalaryna jogap hökmünde öňe sürülýär. Bu sanksiýalar Eýranyň esasy ykdysady çeşmesini, nebit eksportuny nyşana alyp, Tähranyň halkara söwda gatnaşyklaryna agyr zarba urdy.

Bir gün gerek bolanda

“Biz ýurduň bir gün gerek bolanda öz nebit ýataklaryny ýapyp goýup biljek derejesine ýetip biljegimize ynanmaly” diýip, Hameneýi 29-njy iýulda ylmy barlagçylara we täzelikçilere ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy we bu çykyş döwlet radiosyndan ile ýetirildi.

Ýöne ol diýilýän güne ýetmek üçin uzak ýol geçmeli bolsa gerek. Eýranyň daşary ýurt girdejileriniň 80 prosent çemesini nebit eksportundan alýandygyny nazara alsaň, ekspertleriň pikiriçe, ýurduň ykdysadyýetiniň bu hili ýapylyşa hötde gelmegi üçin edilmeli hemme taraplaýyn ykdysady bejeriş bäş ýyldan on ýyla çenli wagt alar.

Londonda ýaşaýan ykdysatçy Mehrdad Emadiniň pikiriçe, hatda şonda hem Eýran öz ýukalan gaznasyny galňadyp biljege meňzemeýär.

“Eýran häzir öz senagat proektleri üçin zerur bolan puly tapmakda hroniki ýetde-gütdeligiň görgüsini görýär. Bular hut şol öndürilen önümleriň eksportuny köpeltmeli proektler” diýip, Emadi aýdýar.

Emadiniň pikiriçe, belki-de iň möhümi, “ýurduň häzir ýolaýyrtda, azyk harytlarynyň 75 prosentden gowragynyň daşary ýurtlardan getirilýän we göni nebit eksporty arkaly maliýeleşdirilýän ýerinde ýerleşmegi” bolup durýar.

Eýran maliýe manýowrlary meselesinde hem gowy pozisiýada däl.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Eýranyň nebit eksportuny togtatmak üçin girizilen sanksiýalar eýran banklarynyň halkara bank işlerindäki SWIFT ulgamlaryny ulanyp, pul geçirmeginiň hem öňüni baglady. Onsoň bu ýagdaý bir topar halkara kompaniýasynyň Eýrana iberýän zawod-fabrik önümleriniň hem ýoluny bekledi.

Her ädimde görülýän kynçylyk

“Biz özümiziň äden her ykdysady ädimimizde, açan islendik kredit liniýamyzda ertesi gün başga tarapdan döredilen problemany görýäris” diýip, Eýranyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mehdi Gazanfari 7-nji awgustda sözlän sözünde aýtdy.

Yslam respublikasynyň habar gullugy Gazanfariniň “Olar kreditiň öňüni bagladylar, olar geçirilmeli pullaryň ýoluny beklediler. Olaryň bize garşy çäre görmeýän we hereket etmeýän minuty ýok” diýen sözlerini ile ýetirdi.

Sanksiýalar Eýranyň diwersifikasiýa strategiýasyny işläp düzmekde üstünlikli ulanyp biljek senagatlaryna we alternatiw pudaklaryna hem zeper ýetirene meňzeýär.

Ykdysatçy Emadiniň pikiriçe, bu ýerde gysga möhletli bir düzediş ýa ýapyşalga bolup biljek zat ýurduň tebigy gaz pudagynyň gyssagly giňeldilmegi bolup durýar. Emma, Eýranyň gaz baýlygy boýunça dünýäde ikinji uly ýurtdugyny aýdýandygyna garamazdan, bu pudak uly tehniki we maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz dur.

Awtomobil senagatynyň ýagdaýy

Eýranyň awtomobil senagaty nebitden we gazdan soň üçünji ýerde durýar. Ýöne bu pudakdan hem garjaşyk yşaratlar görünýär.

Ýurduň öňdebaryjy maşyn öndürijisi bolan “Iran-Khodro Company” şu aý Orsýetdäki, Orta Gündogardaky, Günorta Amerikadaky we Afrikadaky esasy bazarlardaky eksport söwdalarynyň 45 prosente ýetjegini aýtdy.

Bu kompaniýa öz täze öndüren “Ranna” maşynyna islegiň ýokarydygyny nygtaýar. Şeýle-de bu kompaniýa Belarusda belelikde işledýän zawodunda we Yrakda öndürilýän “Sammand” maşynyna köp umyt baglaýar.

Ýöne “ýurduň senagat, magdanlar we söwda ministri iýulda, pul ýetmezçiligi sebäpli, içerki awtomobil önümçiliginiň ýylyň birinji kwartalynda 36 prosent aşak gaçandygyny aýtdy” diýip, ISNA habar gullugy ýazdy.
XS
SM
MD
LG