Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Siriýadaky režime garşy goşmaça sankiýalary girizýär


ABŞ-nyň resmileri özleriniň Siriýadaky režime we ony goldaýanlara garşy täze sanksiýalary girizmekligi planlaşdyrýandygyny mälim etdiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Afrika ýurtlaryna sapar edýän resmiler täze sanksiýalaryň Assadyň çetleşdirilmegini tizleşdirmäge gönükdiriljekdigini aýtdylar.

Täze sanksiýalar Assadyň ýakyn töweregindäkilere garşy girizilen öňki çäklendirmelere goşmaça giriziler. Olaryň Siriýanyň režimini goldaýan eýranlylara hem degişli boljakdygy aýdylýar.

Assada garşy goşmaça sanksiýalar şenbe güni Stambulda Assaddan soňky geçiş döwrüne bagyşlanyp geçiriljek maslahata gabatlanyp taýýarlanyldy.
XS
SM
MD
LG