Sepleriň elýeterliligi

MTS Özbegistanda kyn günleri başdan geçirýär


Özbegistanda MTS-iň işi togtadylandan soň, adamlar täze telefon belgilerini almak üçin nobata durlar. 17-nji iýul, 2012 ý.

Özbegistanda MTS-iň işi togtadylandan soň, adamlar täze telefon belgilerini almak üçin nobata durlar. 17-nji iýul, 2012 ý.

MTS-iň strategiýa boýunça prezidentiniň orunbasary Maýkl Hekker Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde kompaniýanyň Özbegistandaky bölümi “Uzdunrobitanyň” işgärleriniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda, aklawçysyz, birnäçe sagatlap sorag edilendiklerini aýtdy.

Hekker: "Işgärlerimiziň bize aýtmaklaryna görä, bular ýaly gorkuzmalar yzygiderli dowam edip gelýär. Olara zynjyra baglanan adamlary görkezip, "Eger siz aýdylýanlara gol goýmasaňyz, siziň hem ykbalyňyz şular ýaly bolar" diýipdirler. Resmiler olaryň ýaşaýyş jaýlaryna neşe serişdelerini taşlap, soňundan hem olaryň öýlerinde barlag geçirmek bilen haýbat atýarlar, ýagny olar şular ýaly usullara hem baş goşýarlar” diýdi.

Hekker sözüni dowam edip: “Bu diňe Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň ýa-da raýat kanunlarynyň bozulmagy däl, eýsem bu Halkara Adam hukuklarynyň hem depelenmegidir" diýip, nygtady.

Şeýle hem Hekker kompaniýanyň birnäçe işgäriniň pasportynyň resmiler tarapyndan alnandygyny aýdýar.

Millionlarça adam hyzmatsyz galdy

”Uzdunrobita” Özbegistanyň iň uly öýjükli mobil telefon aragatnaşyk kompaniýalarynyň biridir. Soňky ylalaşmazlyklar ýüze çykmazyndan ozal, kompaniýanyň 25 milliona golaý müşderisi bardy. ”Uzdunrobita” bu ugurda kän ýyllap bazar paýynyň 40%-ne eýe bolup geldi.

17-nji iýulda kompaniýanyň işiniň ygtyýarnamasy 10 günlük togtadyldy. Soňra resmiler kompaniýa garşy bidüzgünçilikler, galplyk we maliýe jenaýatlary ýaly dürli aýyplamalary ýöňkäp, kompaniýanyň işiniň ýatyrylmagy baradaky karary ýene üç aýa çenli uzaltdylar.

Şondan bäri millionlarça özbek müşderileri bu dörän boşlugy doldurmaga synanyşýan beýleki dört mobil telefon kompaniýalarynyň arasyndan özlerine ýaramly, alternatiw mobil telefon hyzmatyny tapmaga synanyşýarlar.

Golaýda Özbegistanyň prokuratorasy ”Uzdunrobita” kompaniýasyna alyjynyň goragyny üpjün etmezlik we reklama kanunlaryny bozmak ýaly aýyplamalary hem ýöňkedi. MTS bu bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Çaklamalar

Özbegistanda beýleki hususy daşary ýurt kompaniýalarynyň hem alyp barýan işleri soňky ýyllarda hökümet tarapyndan seljerilipdi. Şol derňewleriň netijesinde käbir kompaniýalaryň ýurtdaky emlägi hökümetiň eýeçiligine geçirildi. Daşary ýurt sermaýaçylary bular ýaly hereketleriň arkasynda Özbegistanyň dolandyryjy gatlagynynyň durandygyny öňe sürýärler.

”Uzdunrobita” 2004-nji ýylda MTS kompaniýasynyň düzümine geçmezinden ozal, Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň gyzy Gülnara Kerimowanyň eýeçiligindedi. Käbir adamlar bu tagallalar hümmeti 1 milliard amerikan dollaryna barabar bu şirketi Özbegistanyň ýokary gatlagynyň öz eline geçirmek islegi bilen bagly bolup biler diýen pikiri orta atýarlar.

Hekker: "Men prezidente ýakyn adamlar, onuň maşgala agzalary, başga-da Özbegistanyň dolandyryjy gatlagyndaky täsirli adamlar barada köp zady çak edip bilerin, ýöne bular diňe çaklamalar bolmagyna galar. Biz häzirki döwürde bulary aç-açan bir görnüşde beýan etmeýäris” diýdi.

Şeýle-de Hekker: “Edil şu wagt biz Özbegistanyň hökümet wekilleriniň, prokuraturanyň we audit-barlag edaralarynyň işiniň kadaly bolmandygyna göz ýetirýäris. Olaryň ählisi bileleşip, sistematik usulda hereket edýärler" diýip, pikirini beýan etdi.

Soňky bildirilen aýyplamalar bilen birlikde, ”Uzdunrobita” kompaniýasyna salnan jerimeler hem hasaba alynsa, onda kärhana 80 million amerikan dollaryna golaý zyýan çekdi. Hekker bu görkezijiniň "az däldigini" hem ýaňsylama bilen belledi.

”Uzdunrobita” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Behzod Ahmedow kärhana garşy bildirilen aýyplamalardan soň, gözlege yglan edildi. Ol ýerli häkimiýetleriň işi gozgamazyndan ozal, ýurtdan gaçyp çykmagy başarypdy.

Özbegistanyň prokuraturasynyň MTS-iň ygtyýarnamasyny doly ýatyrmak baradaky talaby boýunça sud diňlenşigi 13-nji awgustda Daşkentde geçiriler.
XS
SM
MD
LG