Sepleriň elýeterliligi

Anna güni orsýetli sportsmenler üç sany altyn medal aldylar


Londonda dowam edýän tomusky olimpiýa oýunlarynda anna güni suwda sinhron tans etmek boýunça geçirilen bäsleşikde Orsýetiň komandasy birinji orny eýeledi.

Şeýle hem, aýal-gyzlaryň arasynda ýekedaban zyňmak boýunça geçirilen bäsleşikde-de orsýetli Tatýana Lysenko simli ýekedabany 78 metr 18 santimetre zyňyp, Olimpiada rekordyny täzeledi we altyn medela mynasyp boldy.

Mundan daşary, erkekleriň arasynda erkin göreş boýunça 55 kilograma çenli agramlyk kategoriýasynda çykyş eden orsýetli göreşiji Jamal Otarsultanow gürjüstanly Wladimir Kinçegaşwiliden üstün çykyp, birinji orna eýe boldy.

74 kilogram agramlyk kategoriýada bolsa amerikaly göreşiji Jordan Burrogs eýranly Sadeh Gudarziden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. Bu agramlyk kategoriýada bürünç medaly orsýetli Denis Sarguş bilen özbegistanly Soslan Tigiýew paýlaşdylar.
XS
SM
MD
LG