Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň “Pussy Riot” topary baýraga hödürlenilýär


Orsýetde sungat işleri üçin berilýän Kandinskiý baýragyna hödürleýji komissiýa şenbe güni “Pussy Riot” toparyny-da baýraga hödürlenýänleriň sanawyna goşdy.

Kandinskiý baýragyna hödürleýji komissiýanyň internet saýtyndaky maglumatda “Pussy Riot” toparynyň “Ýylyň proýekti” atly kategoriýa boýunça baýraga hödürlenýändigi aýdylýar.

Orsýetdäki “Pussy Riot” toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa, Mariýa Alýohina we Ýekaterina Samusewiç Moskwadaky hristian kelisesinde prezident Putiniň dolandyryşyna garşy protest bildirip gurnan kinaýaly çykyşlary üçin tussag astyna alyndy.

Olaryň işi boýunça suduň hökümi 17-nji awgustda yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG