Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Lusenko garşy ikilenji höküm yglan ediler


Ukrainanyň sudy ýurduň ozalky içeri işler ministri, tussaglykdaky Ýuriý Lusenko garşy gozgalan ikilenji jenaýat işi boýunça suduň höküminiň 17-nji awgustda yglan ediljekdigini mälim etdi.

Anna güni geçirilen sud diňlenişiginde prokuratura işgärleri oňa täze jenaýat işi boýunça 2.5 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorap çykyş etdiler.

Bu ikilenji jenaýat aýyplamasynda Ýuriý Lusenko Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň zäherlenen bolmagynyň mümkindigi bilen bagly güman edilýän adamlary gizlin kameralar arkaly gözegçilige almak barada görkezme berenlikde aýyplanylýar.

Şu ýylyň fewralynda Ýuriý Lusenko bikanun pul ýuwuşlykda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda-da aýyplanylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG