Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: barlag punktunda bir adam atylyp öldürildi


Anna güni agşam Täjigistanyň gündogar regionyndaky barlag punktunda esgerleriň bir ýeňil maşyna garşy atan okundan bir adam ölüp, üç adam ýaralandy.

Bu wakanyň ýüz beren ýeri bolan Daglyk-Badagşan awtonom oblastynyň polisiýa resmileri bu wakada maşynyň sürüjisiniň barlag punktunda togtamakdan ýüz öwrendigini we esgerleriň duýduryşyna-da gulak gabartmandygyny aýdýarlar.

Şu awtonom oblastdaky daglyk raýonda 24-nji iýulda hökümet güýçleriniň geçiren harby operasiýasynda azyndan 12 sany esgeriň we 30 töweregi ýaragly söweşijiniň öldürilendigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG