Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Türkiýede Siriýadaky konfliktleri maslahatlaşýar


Şenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Türkiýäniň ýokary derejeli resmileri bilen Siriýadaky konfliktleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Stambul şäherine bardy.

Afrika ýurtlaryna eden uzak saparyndan soň Türkiýä baran Hillari Klinton Türkiýäniň ýolbaşçylary hem-de siriýaly aktiwistler bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde Siriýanyň režimine garşy sanksiýalary netijeli ulanmak we Siriýadaky geçiş prosesine taýýarlyk görmek meseleleri barada maslahat ediler diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Siriýany terk edýän bosgunlara goşmaça gumanitar ýardamlary bermek baradaky planlar barada-da çykyş eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG