Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir owgan işgäri üç sany amerikan esgerini atyp öldürdi


Anna güni giçlik Owganystanyň Helmand welaýatynda NATO-nyň harby bazasynda iş alyp barýan bir ýerli raýat üç sany amerikan esgerini atyp öldürdi.

Munuň özi şu geçen bir hepdäniň dowamynda Owganystanda atylyp öldürilen amerikan harbylarynyň sanyny ýedä ýetirdi. Bu soňky wakada bu hüjümi amala aşyran owgan raýatynyň tussag edilendigi habar berilýär.

Bu wakanyň öňýany, anna güni irden hem şol Helmand welaýatynda polisiýa bölüminiň başlygy we onuň işgärleri amerikan harbylaryndan ýene üç sanysyny atyp öldüripdiler.

Hepdäniň sişenbe güni bolsa, ýurduň gündogar regionynda owgan harbylarynyň geýimindäki iki adam bir amerikan esgerini atyp öldüripdi.
XS
SM
MD
LG