Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Izmir we Çeşme şäherlerine sapar etdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkiýä saparynyň ikilenji güni Egeý deňziniň kenaryndaky Izmir we Çeşme şäherlerine sapar etdi.

Bu saparynyň barşynda ol Türkiýäniň bu şäherlerinde deňiz transporty we turizm senagatynyň ösüş aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Izmir şäherinde prezident G.Berdimuhamedow Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan, Izmir welaýatynyň gubernatory Jahit Kyraç we käbir beýleki resmiler bilen duşuşdy.

G.Berdimuhamedowyň bu saparynyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri Türkiýäniň Izmir şäherinde aýdym-saz çärelerini gurnadylar.
XS
SM
MD
LG