Sepleriň elýeterliligi

Ankara we Waşington Siriýa boýunça çäreleri güýçlendirmekçi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton (çepde) we Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu žurnalistleriň öňünde çykyş edýärler. Stambul, 11-nji awgust, 2012.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton (çepde) we Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu žurnalistleriň öňünde çykyş edýärler. Stambul, 11-nji awgust, 2012.

Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Türkiýäniň ýokary derejeli resmileri bilen Siriýadaky konfliktleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Stambul şäherine bardy.

Afrika ýurtlaryna eden uzak saparyndan soň Türkiýä baran Hillari Klinton şenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşigiň yzy bilen eden çykyşynda ol Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimini häkimiýetden agdarmak ugrunda göreş alyp barýan söweşijilere ýardam bermek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň we Türkiýäniň operasion planlaşdyryş çärelerini has giňeltmek isleýändiklerini aýtdy.

Ol: “Elbetde, biziň ministrliklerimiz öz işleriniň köpüsini koordinirleýärler. Emma biziň razwedka gulluklarymyzyň we harbylarymyzyňam uly jogapkärçilikli wezipeleri bar, oýnap biläýjek rollary bar. Şeýlelikde, biz şu ugurda anyk iş alyp barjak işewür topary döretmekçi” diýip belledi.

Hillari Klinton Siriýadaky oppozision ýaragly söweşijileriň kontrollygynda diýlip hasaplanylýan territoriýalary uçarlaryň uçuşy üçin gadagan zona öwürmek mümkinçilikleriniň-de göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Ol bu mesele boýunça Birleşen Ştatlar bilen Türkiýäniň ýagdaýy düýpli öwrenmek barada ylalaşyga gelendiklerini mälim etdi.

Geçen ýyl Liwiýada Muammar Kaddafini häkimiýetden agdarmakda daşary ýurt güýçleriniň Liwiýanyň territoriýasynda uçuşlaryň gadagançylygyny girizmekleri örän möhüm rol oýnapdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Stambulda eden çykyşynda Siriýadaky zorluklary tizden-tiz togtatmak we Başar al-Assadyň režiminiň soňuna çykmak meselesinde Ankara bilen Waşingtonyň birmeňzeş strategik maksada eýerýändiklerini nygtady.

Türkiýe Siriýada indi 17 aý bäri dowam edip gelýän halk gozgalaňlaryna garşy Başar al-Assadyň ulanýan gazaply çärelerini iň bir ýiti tankytlap gelýän ýurtlardan biri.

Şenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Siriýada dowam edýän gumanitar krizisiň soňuna çykmak üçin halkara jemgyýetçiligini aýgytly ädimleri ätmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG