Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda taýfunyň yzýany suw howdanynyň diwary ýykyldy


Ýekşenbe güni Hytaýyň resmi mediasy ýurduň gündogar regionynda suw howdanynyň diwarynyň ýykylmagy netijesinde azyndan 10 adamyň olendigini habar berdi.

Žedjiýang prowinsiýasyndaky bu suw howdanynyň diwarynyň güýçli taýfunyň yzýany ýykylandygy habar berilýär. “Haýkuý” diýlip at berlen bu güýçli taýfun şenbe güni azyndan 6 adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Hytaýyň resmileri taýfunyň döreden ýykan-ýumrançylyklary zerarly 1.5 millard dollarlyk zyýan çekilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG