Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamalarda üç sany polisiýa işgäri öldi


Ýekşenbe güni Yragyň Jurf al-Şakr şäherinde amala aşyrylan iki partlamada üç sany polisiýa işgäri öldi we ençemesi ýaralandy.

Üç sany polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan partlamanyň yzýany ol ýere üýşen polisiýa işgärleriniň golaýynda ikilenji partlama amala aşyryldy. Ikinji partlamada üç adamyň ýaralanandygy we olaryň arasynda şäheriň polisiýa edarasynyň başlygy, polkownik Muhammed al-Hamdaniniň-de bardygy aýdylýar.

Bu wakanyň fonunda ýekşenbe güni Bagdat şäheriniň bir ýaşaýyş kwartalynda bolan atyşykda ýene iki adamyň ölendigi habar berildi.

“Frans-press” habar agentligi şu awgust aýynyň başyndan bäri Yrakdaky hüjümlerde jemi 118 adamyň ölendigini, şolardan 60-synyň organ işgärleridigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG