Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky ýer yranmadan soň, halas ediş işleri dowam edýär


Eýranyň demirgazyk-günbatar regionynda şenbe güni ýüz beren güýçli ýer yranmadan soň, halas ediş toparlary gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýärler.

Şenbe güni öýlän Eýranyň bu regionynda yzly-yzyna iki sany uly ýer sarsgyny ýüz berdi we soňra birnäçe ýeňil sarsgynlar duýuldy. Eýranyň döwlet telewideniýesi ýer yranmanyň güýjüniň episentrde 6.2 bal bolandygyny habar berýär.

Deslapky resmi maglumatlarda ölen adamlaryň sanynyň azyndan 250 töweregidigi aýdylsa-da, ýekşenbe güni ýurduň häkimiýetleri ölenleriň sanynyň 227-digini we ýaralananlaryň sanynyň bolsa 1 müň 380-digini mälim etdiler.

Eýranyň içeri işler ministri Mostafa Muhammad Najjar bu ýer yranmanyň netijesinde ýurduň demirgazyk-günbatar regionyndaky 600 obadan ýarsyndan gowragyna zyýan ýetendigini aýtdy. Emma näçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galandygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG