Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Gawun baýramy bellenilip geçilýär


Ýekşenbe güni Türkmenistanda Gawun baýramy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen girizilipdi.

Bu Gawun baýramçylygy mynasybetli ýekşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlenip, türkmen gawunynyň tutuş dünýä boýunça şöhratynyň artmagynda ýurduň bakjaçylarynyň aýratyn uly paýynyň bardygyny nygtapdyr.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde prezident G.Berdimuhamedowyň adyna Gawun baýramçylygy bilen baglanyşykly gelen gutlaglara giň orun berlipdir.
XS
SM
MD
LG