Sepleriň elýeterliligi

“Mekdep bazarlary” köp, alada hem köp


Aşgabatdaky “Mekdep bazarlaryndan” biri. Awgust, 2012.

Aşgabatdaky “Mekdep bazarlaryndan” biri. Awgust, 2012.

Türkmenistanda okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Adat bolşy ýaly, awgust aýynyň başynda Aşgabat şäheriniň bazarlarynda we käbir köçeleriniň ugrunda “Mekdep bazary” atly ýörite söwda nokatlary döredilýär. Şular ýaly bazarlardan birem ýakynda Aşgabadyň “Ors bazarynda” açyldy.

Adyndan belli bolşy ýaly, bu söwda nokatlarynda mekdep okuwçylaryna gerek bolan egin-eşikler we okuw esbaplary satylýar. Dükanlar bezelip, alyjylara garaşylýar. Edil häzir bu dükanlaryň müşderileriniň sany o diýen köp däl. Emma onuň köpelmegine garaşylýar.

“Esasan, sentýabr aýy golaýlanda, adamlar köp bolýar. Häzir okuw esbaplarynyň söwdasy ýaňy başlady” diýip, “Ors bazaryndaky” mekdep bazarynyň söwdegäri 28 ýaşly Ahmet aýdýar.

Bahalar alada goýýar

Mekdep bazary ýaňy açylyp, müşderiler harytlaryň bahasy bilen ýaňy-ýakynda tanşyp başladylar. Edil häzirki döwürde harytlaryň assortiment taýdan köpdürliligi göze ilmeýär. Emma geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, harytlaryň bahalary adamlary alada goýýar.

Mekdebe gatnaýan oglanlar üçin hökmäny diýilýän kostýum-balagyň bahasy geçen ýyl 40-50 manat aralygynda bolan bolsa, häzirki wagt onuň iň arzany 60 manat. Oglanlar üçin köýnegiň bahasy geçen ýyl 9-10 manat bolan bolsa, ol häzir 12-20 manada ýetipdir. Tahýalaryň bahasam gymmatlapdyr.



Oglanlar üçin mekdep formasynyň assortimenti diňe ýokarda agzalan zatlar bilen çäklenmeýär, olara sport we çärelere gatnaşdyrylanda geýilýän beýleki egin-eşikler ýaly birgiden zatlar alynmaly. Netijede olaryň ählisiniň bahasyny jemläniňde, bir mekdep okuwçysynyň çykdajysy 280 manada ýetýär.

Häzirki döwürde maşgala lukmanynyň aýlygy, ortaça, 1000 manada, orta mekdebiň mugallymynyň aýlygy hem, ortaça aýdylanda, 800 manada barabar. Biziň bilen söhbetdeş bolan käbir müşderileriň aýtmaklaryna görä, bu gymmatçylyk olaryň maşgala býujetine ep-esli agram salýar.

Sebäbi – “ýol gymmat”

Bahalaryň gymmatlamagy barada hökümet tarapyndan resmi maglumatlar berilmänsoň, bu barada takyk bir zat aýtmak kyn. Emma söwdegärler onuň sebäbini iki söz bilen düşündirýärler: “ýol gymmat”.

Söwdegärleriň maglumatlaryndan çen tutulsa, mekdep bazarlarynda entek daşary ýurtlardan getirilýän täze harytlaryň sany az. Emma häzirki gymmatçylygyň her ýyl daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň gelip başlamagy bilen hem arzanlajagyna o diýen umyt ýok.

Biziň bilen söhbetdeş bolan käbir söwdegärleriň aýtmaklaryna görä, geçen aýyň 15-inden başlap “Türkmenhowaýollarynyň” awiabiletleriniň bahasynyň gymmatladylmagy haryt dolanyşygyna, esasanam, telekeçi söwdegärleriň işine erbet täsirini ýetirýär.

Ýurduň içinde öndürilýän mekdep harytlarynyň hili, assortimenti we möçberi bolsa, edil häzirki döwürde ilatyň talabyny ödärden ejiz. Mekdep harytlarynyň we esbaplarynyň söwdasynda daşary ýurt önümleriniň doly monopoliýasy saklanyp gelýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň gymmatlamagy ýurduň içinde öndürilýän harytlaryň bahalarynyň hem gymmatlamagyna sebäp bolýar diýip, biziň bilen söhbetdeş bolan raýatlar aýdýarlar.

Ýaňy-ýakynda açylan mekdep harytlarynyň we esbaplarynyň söwdasynyň möwsümi sentýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. Ýurduň dürli künjeklerinde guralýan “Mekdep bazarlary” ýurt boýunça 1 milliona golaý mekdep okuwçysyny geýindirmeli, okuw üçin zerur bolan esbaplary bilen üpjün etmeli.
XS
SM
MD
LG