Sepleriň elýeterliligi

Yarym asyrda bir sözlük


1962-nji ýylda Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasy tarapyndan çap edilen “Türkmen diliniň sözlügi”.

1962-nji ýylda Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasy tarapyndan çap edilen “Türkmen diliniň sözlügi”.

Dil her bir milletiň milli baýlygy hem baş aýratynlygy bolup durýar. Sebäbi dil asyrlar boýy ýuwaş-ýuwaşdan kemala gelýär, ösýär hem kämilleşýär. Dil özüne milletiň taryhyny hem durmuş aýratynlygyny siňdirýär.

Şonuň bilen birlikde, dil uly medeni miras bolup, ol halk döredijiligini, dürli rowaýatlary, halk arasynda ýaşap gelýän taryhy maglumatlary özünde saklaýar. Şol bir wagtda, dil janlydyr, ol yzygiderli täzelenýär hem onda belli bir alamatlar könelýär, hatda düşüp galýar.

Diliň şu ägirt uly mümkinçiligini dürli sözlükler özünde jemleýär hem oňa dogry düşünmäge ýardam edýär. Bir halkyň içinde haýsydyr bir sözüň bir ýerde bir hili manyda, başga ýerde başgaça manyda gelýän ýagdaýlary-da bolýar.

Şu nukdaýnazardan, milletiň dili boýunça sözlükler edebi diliň kadasyny kesgitleýär. Ol ýa-da beýleki bir sözüň takyk manysyny hem takyk dogry ýazylyşyny görkezip bilýärler.

Şu babatda geçen asyrda türkmen dili boýunça ençeme sözlük taýýarlanyldy. Şolaryň arasynda bir sözlük aýratyn gymmatly hem möhüm ähmiýete eýedir. Ol “Türkmen diliniň sözlügi” atly düşündirişli sözlük bolup, 1962-nji ýylda çapdan çykdy.

Gynançly tarapy, bu sözlük öz many-mazmuny boýunça ýeke-täk gollanmadyr. Şondan soň geçen 50 ýylyň içinde türkmen diliniň düşündirişli sözlügi gaýtadan, täzeden işlenen görnüşde çap edilmedi.

Azatlyk Radiosy “Türkmen diliniň sözlüginiň” ähmiýeti we onuň möhümligi barada žurnalist hem şahyr Aşyrguly Baýry bilen söhbetdeş boldy.

Şu temadan ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG