Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 1327 adamyň günäsi geçildi



Türkmenistanda Gadyr gijesine gabatlanyp, günä geçiş yglan edildi.

Prezident Berdimuhamedowyň bu barada çykaran kararyna laýyklykda 1327 adamyň, şol sanda 44 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi.

Resmi maglumatlarda günä geçişiň ynsanperwerlik we rehimdarlyk çäresi bolup, türkmen gemgyýetini hem raýatlaryň maşgala bütewüligini berkitmek maksadyna gönükdirilýänligi nygtaldy.

Prezident Berdimuhamedow günäsi geçilen raýatlaryň Gadyr gijesinde öz dogan- garyndaşlary bilen bile bolar ýaly ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy, diýlip resmi maglumatda bellenilýär.

Ýewropa ýurtlarynda Gadyr gijesi awgustyň 14-den 15-ne geçýän gijesi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG