Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda ýer yranmasynda ejir çekenlere gyssagly kömek berilýär


Eýranyň demirgazyk-günbatar regionynda şenbe güni bolan güýçli ýer yranmasyndan soň, bu tebigy betbagtçylyk netijesinde ejir çekenlere ýardam bermek işleri alnyp barylýar.

Hepdäniň duşenbe güni Eýranyň resmileri ýer titremesinde ölen adamlaryň sanynyň öňki berlen sanlardan köpelendigini mälim etdiler.

Geçen şenbe güni Eýranyň bu regionynda yzly-yzyna iki sany uly ýer sarsgynynyň ýüze çykmagy netijesinde 306 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, bu ýer titremesinde ýaralananlaryň sany 3 müň 37 adama ýetipdir.

Eýranyň bu regionynda ýer yranmasynyň pidalarynyň hatyrasyna iki günlük matam yglan edildi.
XS
SM
MD
LG