Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýolbaşçysy Siriýa sapar eder


BMG-niň Ynsanperwerlik meseleleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy 14-16-nji awgust aralygynda Siriýadaky konflikt bilen bagly “gumanitar ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyna” alada bildirip, Siriýa bilen Liwana sapar etjekdigini aýtdy.

BMG-niň Ynsanperwerlik işlerini utgaşdyrmak boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Waleriýa Amos Siriýadaky dowamly konfliktiň ýurduň içinde galan hem goňşy ýurtlara bosup çykan raýatlara ýetirýän täsirini derňemäge barýandygyny aýdýar.

Onuň Siriýanyň hökümet wekilleri hem “Gyzyl Ýarymaý” guramasynyň agzalary bilen duşuşyp, bu regionda ynsanperwerlik kömegini ýaýbaňlandyrmagyň ýollary barada gepleşik geçirmegine garaşylýar.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda 2 milliona golaý adam Siriýadaky konflikden ejir çekipdir. Siriýada 1 milliona golaý adamyň ýaşaýan ýerinden göçmeli bolandygy hem aýdylýar.

Bu konflikt zerarly 140 müňe golaý siriýaly göňşy Liwana, Iordaniýa, Türkiýä hem Yraga bosup çykmaga mejbur boldular.
XS
SM
MD
LG